- gyz
- [gy:z]Aýal jynsly perzent; durmuşa çykmadyk aýal maşgala.∙ Özi gyzmy ýa dulmy? («Görogly» eposy)∙ Gurduň nazary wraç aýallaryň arasynda duran bir gyza dikildi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)∙ Aşy ajygana ber, gyzy -- aşygyna. (Nakyl)∙ Gyzym, saňa aýdaýyn, gelnim, sen eşit. (Nakyl)∙ Gyzyň ysy -- gülüň ysy. (Nakyl)∙ Gyz ýagşysy «gyşyk» çatmadan çykar. (Nakyl)∙ Gyzy baryň näzi bar. (Nakyl)∙ Gyzly gyzyldan doýmaz. (Nakyl)∙ Gyzlar göwni -- gyzan gazan. (Nakyl)∙ Gyzarana «gyz» diýerler, agarana -- «biz». (Nakyl)∙ Gyzym öýde, gylygy daşarda. (Nakyl)∙ Gyz maşgalanyň erki enede bolar. (Nakyl)∙ Gyzyň urdugy -- hudaýyň berdigi. (Nakyl)◊ gyz çykarmak — Gyzy durmuşa çykarmak, äre bermek.∙ Ogul öýlendirin, gyz çykararyn. (A. Gowşudow, Powestler We Hekaýalar)◊ gyz gaýtarmak — Gaýtarmany, çuwalgyzy gaýyn öýlerine eltmek (köne däp boýunça).
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.